Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Gül Watanymyzyň şadyýan çagalary

Gül Watanymyzyň şadyýan çagalary

2 min read

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezide «Gül Watanymyzyň şadyýan çagalary» atly kitap sergisi, gürrüňdeşlik geçirildi.

Tomus möwsüminde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiz baradaky edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde bina edilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri çagalaryň dynç alýan esasy mesgenine öwrüldi. Bu dynç alyş zolaklary çagalaryň gülküsi bilen hakyky bagtly çagalygyň mekanyna öwrülýär. Ähli amatlyklary bolan bu merkezlerde dynç alýan çagalar üçin dürli maksatnamalaýyn çäreleriň guralmagy olaryň gözýetimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle hem bu dynç alyş merkezlerinde çagalaryň öz ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmegi üçin birnäçe gurnaklar geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we wagtlaryny gyzykly geçirmeklerini guramak maksady bilen kitaphanamyzyň çuň manyly eserleri bilen göçme kitap sergisini gurnadylar, şeýle hem bu ýerdäki çagalar bilen sorag–jogap işini alyp bardylar.

Çäräniň dowamynda kitaphanaçylar «Türkmen halk ertekileri» atly kitabyndan birnäçe ertekileri okap berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan höwesini hasda artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň medeniýetli dynç almagy ugrunda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


 

Habarlar

Edebi miras-ebedi miras

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Döwlet kitaphanasy, ”Mir 24” teleýaýlymy bilen bilelikde “E...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň

2025 Ekitap. All rights reserved.