Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Getirýär ähli ýollar, bu gün Türkmenistana

Getirýär ähli ýollar, bu gün Türkmenistana

2 min read

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Getirýär ähli ýollar, bu gün Türkmenistana” atly gepleşigi ýazgy etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň biziň ýurdumyzda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi halkymyzyň dünýädäki abraýyny belende göterýänligi barada buýsançly gürrüňler diňlenildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bu babatdaky meselelerini oňyn çözmekde ýurdumyzyň geografik, geosyýasy we geoykdysady ýerleşişiniň iňňän amatly şertleri döredýändigini, aýratyn hem berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kiçi ada döwletleriň hem-de az ösen ýurtlaryň dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny sazlaşykly ýola goýmakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan döwletimizi parahatçylygyň we ynanyşmagyň watanyna öwrüp dünýä halkaryny bir supranyň başynda jem edip beýik döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan edidi.

Habarlar

Edebi miras-ebedi miras

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Döwlet kitaphanasy, ”Mir 24” teleýaýlymy bilen bilelikde “E...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň

2025 Ekitap. All rights reserved.