Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Sport-sagdynlygyň gözbaşy

Sport-sagdynlygyň gözbaşy

2 min read

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda “Sport–sagdynlygyň gözbaşy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmek, adam saglygy berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada aýtdylar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge giň ýol açylandygy, munuň özi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meselesine örän uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda sporty ösdürmekde beýik işeri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Habarlar

Edebi miras-ebedi miras

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Döwlet kitaphanasy, ”Mir 24” teleýaýlymy bilen bilelikde “E...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň

2025 Ekitap. All rights reserved.