
Edebi miras-ebedi miras
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Döwlet kitaphanasy, ”Mir 24” teleýaýlymy bilen bilelikde “Edebi miras-ebedi miras” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär,halkymyz abadan,bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalmaýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda” Karara gol çekilmegi halkymyzyň baý taryhyna,milli mirasyna,nepis sungatyna bolan söýgümizi artdyrdy diýip, nygtap geçdiler.
Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda gadymy medeni mirasymyzy gorap saklamaga öwrenmäge we ony dünýäde wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.