Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Ertekiler dünýäsine syýahat

Ertekiler dünýäsine syýahat

1 min read

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Bagtyýar nesiller” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady.

Bu göçme kitap sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan türkmen halk ertekileri hem-de daşary ýurt dillerindäki ertekileriň türkmen dilinde terjime edilen kitaplary sergide goýuldy. Şeýle hem çagalara kitaphanalara gelip bilimlerini artdyryp kitap okamagyny maslahat berildi. Serginiň dowamynda çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra bolsa sergä gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Habarlar

Edebi miras-ebedi miras

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Döwlet kitaphanasy, ”Mir 24” teleýaýlymy bilen bilelikde “E...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň

2025 Ekitap. All rights reserved.