Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Ajap döwrüň bagtyýar nesilleri

Ajap döwrüň bagtyýar nesilleri

2 min read

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda “Ajap döwrüň bagtyýar nesilleri” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän orta mekdeplerde döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, dürli görnüşli ýaryşlar, döredijilik we zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlarynyň, gezelençleriň yzygiderli gurnalýandygy barada hem belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň gülki sesleriniň belentden ýaňlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Habarlar

Edebi miras-ebedi miras

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Döwlet kitaphanasy, ”Mir 24” teleýaýlymy bilen bilelikde “E...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň

2025 Ekitap. All rights reserved.