Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Döredijilik duşuşygy

Döredijilik duşuşygy

2 min read

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bahar pasly deýin mährem eneler» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda, baharyň ilkinji günlerinde biziň käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň Halkara 8-mart baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenilýändigini, türkmen zenanlarynyň her biri bu gün bagtyýar zamanamyzda, eşretli durmuşymyzda, hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan çäksiz hormatyny duýup ýaşaýandyklaryny, biziň bahar-ýaza meňzeş enelerimize, käbelerimize, gelin-gyzlarymyza hormatly Prezidentimiz tarapyndan örän uly hormat goýulýandygy hakynda özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle hem sekiz we ondan köp çaga terbiýeläp ýetişdiren enelere «Zenan kalby» ordeniniň, «Ene mähri» atly hormatly adyň dakylýandygy hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem ähli zenanlara, okuwçy gyzlara, çagalar bagynda terbiýelenýän gyzjagazlara çenli hormatly Prezidentimiz tarapyndan pul sowgatlarynyň gowşurylýandygyny öz çykyşlarynda nygtadylar. Döredijilik duşuşygyna medeniýet we sungat, döredijilik we teatr işgärleri gatnaşyp, dabara gatnaşyjylara öz gutlaglaryny aýtdylar we aýdym-sazlary bilen hezil berdiler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde «Eneler-dünýäniň görki» atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy.

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler bize şu ajaýyp durmuşy peşgeş beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Habarlar

Döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zen...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň