Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993

Biz barada

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy

Elektron Kitaphana

Elektron Kitaphana — Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sanly kitaphana ulgamydyr. Ol kitap okamak medeniýetini ösdürmek we Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ruhy baýlygy bolan edebiýata amatly girişi üpjün etmek üçin döredildi.

Biziň wezipämiz

Biziň wezipämiz — Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýä garaýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin zerur şertleri döretmek, ýaşlarymyzyň dürli ugurlardan kämil bilim almaklary, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmaklary we geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan her bir raýatyň ýerleşýän ýerine garamazdan kitaplaryň, sesli kitaplary (audio kitaplary) aňsat girip biljekdigine ynanýarys.

Milli neşir önümlerini edebiýatlary, medeni mirasyny goramak hem-de ösdürmek we geljeki nesillere ýetirmek. Her bir raýatyň ýerleşýän ýerine garamazdan kitaplary sesli kitaplary (audio kitaplary) aňsat girip peýdalanyp biljekdigine ynanýarys.

Biz näme hödürleýäris

Kitaphanalaryň baý gaznalaryny giň okyjylar köpçüligine hödürleýäris.

  • Kitaplar — edebiýatlaryň ähli pudaklary boýunça çap edilen neşirler
  • Sesli kitaplary — gyzyklanýan kitaplaryňyzy islendik wagt peýdalanyp bilýäňiz

Biziň maksadymyz

Türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýä garaýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin zerur şertleri döretmekdir. Biz häzirki zaman sanly ulgamy (platforma) giň okyjylar köpçüligine hödürleýäris.

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň