Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Zenanlar-Durmuşyň diregi

Zenanlar-Durmuşyň diregi

1 min read

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenanlar – durmuşyň diregi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat, maşgalada gaýyn-gelin gatnaşyklarynyň kadalary asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetendigi hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de, zenanlar ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläp, maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durýandyklary barada çykyş edenler belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäniň görki, zeminiň zynaty, her bir adam üçin iň mukaddes ynsan bolan eziz enelerimiz hakyndaky aladany döwlet derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Habarlar

Döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zen...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň