Ýurdumyz berkarar-zenanlar bagtyýar
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat söwda we dynç alyş merkezinde «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Bagtyýar çagalyk» gepleşiginiň ýazgy etmeginde Halkara zenanlar gününe bagyşlap, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Ýurdumyz berkarar – zenanlar bagtyýar» atly edebi-sazly agşam geçirdi.
Kitaphana hünärmeni türkmen halkynyň gelin-gyzlary nusgawy türkmen edep-terbiýesiniň asyl köklerine mahsus terbiýäni müňýyllyklaryň içinden geçirip, şu günlere ýetirmegi başaran mähribanlarydygy hakynda täsirli gürrüňleri berdi. Şunda zenanlaryň akyl hazynasyndan dörän hüwdülere aýratyn orun degişli. Ýaş nesilleriň kalbynda şan-şöhratdan doly geçmişimize buýsanjy, şu günlerimize çäksiz söýgini, ertirlerimize bolan uly ynamy terbiýelemekde mährem eneleriň hüwdüleriniň saldamly goşandynyň uludygy hakyndaky beren gürrüňlerini ýaş nesiller uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar mährem enelerimize sarpa goýmagyň nusgalyk ýoluny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.