Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Ene-dünýäniň iň owadan güli, ter bägüli

Ene-dünýäniň iň owadan güli, ter bägüli

2 min read

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Ahal welaýatyň Änew şäherindäki 15-nji çagalar bagynda «Ene - dünýäniň iň owadan güli, ter bägüli» atly Halkara zenanlar gününe bagyşlap edebi-sazly ertirlik geçirildi.

Pasyllaryň içinde bahar pasly dürli reňkli öwşün atyp, owadanlygy we hoştap, jana şypaly howasy bilen ynsany heýjana getirýär. Şeýle ajaýyp paslyň ilkinji aýynda gelin-gyzlaryň baýramy bolan Halkara zenanlar güni bellenip geçilýär. Bu ajaýyp baýramyň uly toý, şatlyk, dabara bilen bellenilmeginiň özi enelerimize, zenanlarymyza, uýalarymyza goýulýan sylag-hormatdan nyşandyr. Olaryň baýramlarynyň-da bahar paslyna gelýändiginiň simwoliki manysy bar. Çünki bahar hem dünýä gözellik paýlaýar, gelin-gyzlar hem dünýäniň gözelligine gözellik goşýar. Şu çärämizde alyp baryjy tanymal ýazyjylaryň, şahyrlaryň zenanlara bagyşlanan goşgy setirlerinden okap berdi. Körpeje jigilerimizem öz gezeginde goşgular, aýdym-saz tans bilen çykyş etdiler. Kitaphananyň hünärmenleri baýramçylyga bagyşlap kitap sergisini gurnadylar.

Çäräniň soňunda il-günüň göwnüne ganat, beýik döwrüne zynat beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Habarlar

Döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zen...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň