
Kitap-eneň-ataň ýaly terbiýeçidir
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Älem» medeni dynç alyş merkezinde hemişelik okyjylarymyz bilen gyzykly gezelenç gurnady. Ýakymly geçen gezelenç şadyýan çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle-de kitaphanamyzyň baý hazynasyndan çagalar edebiýatyna degişli neşirler esasynda göçme sergi gurnaldy. Sergide çagalaryň uly isleg bildirýän neşirleri ýerleşdirildi. Türkmen halk ertekileri hem-de daşary ýurt ertekileri esasynda özara sorag-jogap arkaly täsirli gürrüňdeşlik geçirildi. Hünärmenlerimiz kitap söýüji ýaşlara okamagyň, öwrenmegiň ähmiýeti barada nygtadylar. Gyzykly söhbetdeşlige «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ata Watanymyzy çagajyklaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.