
Watançy, terbiýeçi, akyldar, alym gündogaryň beýik söz ussady Döwletmämmet Azady
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda kitaphanamyza gelen okyjylarymyzyň arasynda “Watançy, terbiýeçi, akyldar, alym Gündogaryň beýik söz ussady Döwletmämmet Azady” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň atasy, nusgawy şahyrymyz Döwletmämmet Azadynyň ömrü we döredijiligi barada we şahyryň öwüt-nesihatlara baý “Wagzy-Azat” eseriniň ýaş nesle edep-terbiýe bermekde ähmiýeti hakynda täsirli gürrüňleri berdi. Kitaphanamyzyň kitap gaznasyndan şahyryň döredijiligine degişli kitaplardan gurnalan göçme kitap sergisi ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çärämize gatnaşan okuwçylaryň akyldar Döwletmämmet Azadynyň goşgularyndan bölekleri ýerine ýetirip bermekleri çärämiziň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdi.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar beýik şahsyýet Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasyny ýaş nesillere ýetirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.