Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Halypa şägirtlik ýoly-kämillik ýoly

Halypa şägirtlik ýoly-kämillik ýoly

1 min read

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hemişelik okyjylary bilen «Halypa şägirtlik ýoly-kamillik ýoly»ady bilen çagalaryň söýgüli ýazyjylary bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän şygyrlar okaldy. Kitaphananyň bilesigeliji okyjylary söýgüli ýazyjylary bilen hekaýalar, goşgular esasynda gyzykly gürrüňdeşlik geçirdiler, özara sorag-jogap alyşdylar. Halypa ýazyjylarymyz ýaşlara kitap okamagyň ynsanda halallyk, dogruçyllyk, adalatlylyk, watansöýüjilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtadylar. Höwesjeň okyjylarymyz ajaýyp tebigatymyzy, asuda Asmanymyzy, parahat Zeminimizi, ata Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän öz dereden goşgularynyň ençemesini labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ata Watanymyzy çagajyklaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwren, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kitaphon adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Habarlar

Kitaphana syny

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gow...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň

2025 Ekitap. All rights reserved.