
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň barha ýokarlanyp, çuňňur many-mazmuna eýe bolýandygy deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygy, daşary syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki wagtda döwlet syýasatymyzyň özenine öwrülýändigi barada bellediler.
Çäräniň ahyrynda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyryp, eziz Watanymyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.