Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Täjikistan respblikasynda geçirilen simpozium

Täjikistan respblikasynda geçirilen simpozium

2 min read

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz oňyn özgertmelere tarap ýola batly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde dürli ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary barha giňeltmekde we güýçlendirmekde uly işler alnyp barylýar.

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyñ 15-16-na Täjigistan Respublikasynyň prezidentiniň yglan eden “Täjigistan respublikasynda 2024-2028-nji ýyllar üçin Şaşmakom, Falak sungaty we “halypa-şägirt” däbini ösdürmek boýunça maksatnamasynyñ” çäginde gurnalan “Falak we döwlet garaşsyzlygy: galkynyşdan dünýä ykrar edilişe çenli” atly bäşinji halkara simpoziumy geçirildi. Halkara “Falak” simpoziumy Täjigistan Respublikasynyň 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda çykaran karary bilen geçirilip gelinýär. Onuň esasy maksady ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Falagyñ” ýerine ýetiriliş sungatyny kämilleşdirmek we ony ylmy tarapdan öwrenmekdir. 2012-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçirilip, onda Täjigistan Respublikasynyň dürli regionlaryndan, Merkezi Aziýa döwletlerinde, Hytaý we Russiýa Federasiýasyndan ýerine ýetirijiler çykyş etdiler.

Bu ýyl hem Simpoziuma Özbegistan, Azerbeýjan, Türkmenistan döwletlerinden myhmanlar gatnaşdylar. Biziň döwletimizden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Şemşat Annagylyjowa “Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde gündogar we türkmen saz däpleriniň arabaglanyşygy”, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Zulfiýa Jumagulyýewa “Türkmen halk sazynda mukam žanry” atly temalary bilen onlaýn efir arkaly çykyş etdiler. Konserwatoriýanyñ mugallymlary öz çykyşlarynda türkmen saz sungatynyñ Gundogar medeniýeti bilen bolan ýakyn arabaglanyşyklar barada aýratyn nygtap geçdiler. Çykyşlar diñleýjilerde uly gyzyklanma döredip, türkmen medeniýetiniñ özboluşly aýratynlyklaryna ýokary baha berildi.

Habarlar

Kitaphana syny

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gow...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň

2025 Ekitap. All rights reserved.