Banky saýlaň

Ulgama gir

Girmek üçin telefon belgiňizi giriziň

+993
Bagtyň buşlykçysy täze ýyl

Bagtyň buşlykçysy täze ýyl

2 min read

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda Täze ýyl baýramy mynasybetli «Bagtyň buşlykçysy täze ýyl» ady bilen Türkmen halysynyň milli muzeýinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler her birimize buýsançly wakalardyr beýik ýeňişleri peşgeş beren 2025-nji ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde halkymyz şan-şöhrata beslenjek 2026-njy ýyly garşy almaga taýýarlyk görüp, ak şähermiz Aşgabat häzirki wagtda bezelen Täze ýyl arçalary, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri, seýilgählerdäki we ýollardaky dürli öwüşginli çyralary bilen hemmeleri haýrana goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Täze ýyl maşgalanyň agzybirligi hem-de özboluşly däpleri, şagalaňy bilen gurşap alýandygy barada bellediler. Çäräniň dowamynda Büzmeýin medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Habarlar

Buýsançly eser

Lebap welaýat kitaphanasynda, welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatn...

Maglumaty

Ykjam programmany ýüklemek üçin QR kody skanirläň

2025 Ekitap. All rights reserved.