Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň bitaraplygy–parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hem-de Ahal welaýat kitaphanalarynyň bilelikde gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy–parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna «Türkmenistanyň Bitaraplygy–parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny peşgeş bermegi, halkymyza toý sowgady bolandygyny, bu bolsa ähli ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döredendigi barada beýan etdiler. Şeýle-de bu ajaýyp kitapda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny, Hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik ýörelgesini aýdyň beýan edýändigi barada aýtdylar. Mundan başga-da kitapda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, toplumlaýyn milli maksatnamalar, taslamalar beýan edilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary türkmen halkyna peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.